Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Guwanç Abylow ― «Nebitçiniň» futbolçysy

19:5229.03.2021
0
5795

Ýarym goragçy Guwanç Abylow futbol ýoluny Balkanabat şäheriniň «Nebitçi» futbol toparynda dowam etdirer. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy onuň täze topary bilen bir ýyllyk şertnama gol çekişendigini habar berdi.

Guwanç Ylýasowiç Abylow 1988-nji ýylyň 30-njy martynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Babadaýhan şäherinde dünýä indi.

33 ýaşly futbolçy ozal «Nisa», «Aşgabat», HTTU, «Ahal», «Altyn asyr», «Hazyna», «Energetik» ýaly toparlaryň düzüminde çykyş etdi. Onuň täze toparynda hüjüme ýakyn oýnamagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň çempionatynyň geçen möwsüminde «Ahalyň» üstünlikleri üçin göreşen ýarym goragçy 28 duşuşykda 1623 minut meýdanda boldy. Ol bu duşuşyklarda 3 gezek tapawutlandy.

Guwanç Abylow Türkmenistanyň futbol ýygyndysyndaky ilkinji duşuşygyny 2008-nji ýylyň 22-nji iýunynda geçirdi. Şol gün milli ýygyndymyz Dünýä çempionaty ― 2010-uň saýlama duşuşygynda Iordaniýanyň ýygyndysyndan 0:2 hasabynda asgyn geldi. Ol milli ýygyndydaky ilkinji pökgüsini 2012-nji ýylda Laosyň ýygyndysynyň derwezesinden geçirdi. Henize çenli milli ýygyndymyzda resmi duşuşyklaryň 29-syny geçiren ýarym goragçy şolarda 4 gezek tapawutlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň