Türkmen pälwanlary alyş göreşinden geçirilen halkara ýaryşda medallara mynasyp boldular

17:0928.03.2021
0
8843

Türkmenistanly pälwanlar alyş göreşi boýunça Wolokolamskda (Russiýa) geçirilen halkara ýaryşda altyn we kümüş medallara mynasyp boldular.

Has takygy, biziň ildeşlerimiziň altyn medalyny 70 kilograma çenli agram derjesinde çykyş eden Nowruz Kakalyýew, kümüş medaly bolsa Emirhan Esenow gazandy.

Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan ýaryşa Russiýa, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly döwletlerden 69 pälwan gatnaşdy.

Olar 18 ýaşly we ondan uly ýaşly pälwanlaryň arasyndaky ýaryşlarda medallaryň dört toplumy üçin göreşdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň