Aşgabatda Leonid Filatowyň ýatlama agşamy geçirildi

14:5128.03.2021
0
19078

Aşgabatda sowet we rus aktýory, Russiýanyň halk artisti Leonid Filatowyň (1946-njy ýylyň 26-njy dekabry – 2003-nji ýylyň 26-njy oktýabry) ýagty ýadygärligine bagyşlanan agşam geçirildi, onuň çagalygy we ýetginjekligi biziň güneşli şäherimizde geçipdi. Kamera kysmy agşamy «Россотрудничество» agentliginiň Türkmenistandaky wekilligi gurady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

«Ajaýyp teatr we kino aktýory, ussat dramaturg, ssenariçi, režisýor, zehinli şahyr bütin ömrüne iki şäher – Moskwa we Aşgabat bilen bagly bolupdy» ― diýip «Россотрудничество» agentliginiň wekili Ýewgeniý Beloglazow agşamy açanda aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, Filatowyň esasy döredijilik we ömür ýoly Moskwada, Russiýada geçen bolsa, onuň çagalygy hem ýetginjekligi Aşgabatda geçdi, bu ýerde mekdepde okady, drama gurnagynda ilkinji keşplerini döretdi, goşgy ýazyp başlady. Diplomat 75 ýyllygy şu ýyl bellenilýän Leonid Filatowa rus we türkmen topragynyň ogly diýse bolar - diýdi.

Beloglazow myhmanlara üýtgeşik resminama görkezdi, onda altynjy synp okuwçysy Leonid Filatowyň adynyň okuwda gazanan üstünlikleri we jemgyýetçilik işleri üçin 1960-njy ýylyň martynda Aşgabadyň 6-njy mekdebiniň hormat kitabyna girizilendigi habar berilýär.

Agşamy alyp baryjyalr – Aşgabadyň ArtEast teatrynyň aktýorlary Tatýana Öwezmyradowa bilen Igor Annagylyjow wideo, audio we fotoresminamalar arkaly, myhmanlara Leonid Filatowyň döredijilik ykbaly, onuň teatrda, kinoda we telewideniýede eden işleri, edebi hem jemgyýetçilik işleri barada gürrüň berdiler.

Filatow barada diňe bir wideoýazgylar, fotosuratlar ýa-da resminamalar däl, eýsem duşuşyga gatnaşanlar hem gyzykly gürrüň berip biljek ekeni. Duşuşygyň ahyrynda Ýewgeniý Beloglazow myhmanlara ýatlamalaryny aýtmagy teklip etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň