Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiň dowamynda wise-premýer G.Müşşikow döwlet Baştutanyna Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak hem-de özgertmek boýunça Strategiýany we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyny amala aşyrmak ugrunda ýerine ýetirilmeli çäreler hakynda hasabat berdi. Resminama laýyklykda, ynançly dolandyrmagyň esasynda döwletiň we hususy pudagyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça çäreleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideriniň garamagyna ministrlikleriň we häkimlikleriň hasabynda durýan birnäçe edaralary hususy taraplara geçirmek hakynda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda taýýarlanylan teklipler hödürlenildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, birnäçe taslamalary üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen döwletiň hususy tarap bilen gatnaşyklaryny ösdürmegiň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biridigini belledi. Bu işde ynançly dolandyrmak guraly esasy maliýe ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.
Bu guralyň netijeli peýdalanylmagy döwletimize serişdeleri tygşytlamaga, ilatly ýerlerde häzirki zaman düzüminiň döredilmegine, telekeçilik işi bilen meşgullanýan adamlaryň sanynyň artmagyna, şol bir wagtyň özünde harytlaryň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berýär diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutany bu ugurda bar bolan wezipeleriň çözgüdine oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny aýdyp, bu barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.