Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy

23:3226.03.2021
0
5706

Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow döwlet Baştutanyna «Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-saud toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasyny hödürledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu ugurda degişli tabşyryklary berdi.

Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň