Arhiw

«Turkmenportal» habarlar saýty TSTB-niň bäsleşiginde ikinji orny eýeledi

20:4525.03.2021
0
4617
«Turkmenportal» habarlar saýty TSTB-niň bäsleşiginde ikinji orny eýeledi

«Turkmenportal» habarlar saýty Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi hem-de adybir partiýa tarapyndan yglan edilen bäsleşigiň «Önümçilikde innowasiýa tehnologiýalary we sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak» ugry boýunça ikinji orna mynasyp boldy.

Ozal hem habar berlişi ýaly, bu ugruň ýeňijisi «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti boldy. Bu hojalyk jemgyýetinde ýerli telewizorlaryň, smartfonlaryň, kompýuterleriň we beýleki tehnikalaryň önümçiligi alnyp barylýar.

TSTB-niň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli geçirilen serginiň jemleýji gününde ýeňijileri yglan edilen bäsleşik ýurduň kiçi we orta telekeçiliginiň öňdebaryjylaryny kesgitlemek maksady bilen geçirildi.

Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde geçirilen baýrak gowşurylyş dabarasynda «Türkmenportalyň» wekili TSTP-niň Hormat hatyna we TSTB-niň tapawutlandyryş nyşanyny kabul etdi.

«Türkmenportal» Türkmenistanda iň köp girilýän we çalt depginde ösýän maglumat çeşmesidir. 2011-nji ýylda esaslandyrylan habarlar portaly işlän ýyllarynyň ilkinji günlerinden bäri türkmen we daşary ýurt okyjylarynyň gyzgyn söýgüsini gazanyp gelýär.

Ýakynda saýt mobil goşundysyny we howa maglumaty hyzmatyny hödürledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň