24-nji martda Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly «Häzirki zaman dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy» atly metbugat maslahaty geçirildi.
Onlaýn duşuşyga «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň, Türkiýäniň «TRT» teleradiokorporasiýasynyň, Russiýanyň «Russia Today» halkara habar beriş teleýaýlymlar ulgamynyň, Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU), «Bütinrussiýa döwlet teleradio gepleşikler kompaniýasy» federal döwlet unitar kärhanasynyň, Hindistanyň «Prasar Bharati» ýaýlymlar kompaniýasynyň, Özbegistanyň milli teleradiokompaniýasynyň, Azerbaýjanyň «AzerTAj» Döwlet habarlar agentliginiň, Gruziýanyň «TW-24» teleýaýlymynyň, Ermenistanyň «Armenpress» habarlar agentliginiň, «Aztv» halkara radiosynyň we beýlekileriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Çärä türkmen tarapyndan Daşary işler ministrliginiň, Döwlet habarlar agentliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we işgärleri wekilçilik etdiler.
Metbugat maslahatynyň barşynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň abadançylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryny jebisleşdirmek, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň mümkinçiliklerini giňeltmek barada pikir alşyldy.