Soňky habarlar

Arhiw

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetine russiýaly wekilleriň gyzyklanmasy artýar

16:1924.03.2021
1
10487
«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetine russiýaly wekilleriň gyzyklanmasy artýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gatnaşmagynda 2021-nji ÿylyñ mart aÿynyñ 15-ne wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-rus toparynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga «Aýdyň gijeler» HJ wekilleri hem gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda türkmen-rus tarapynyň önüm öndürijileriniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy gineltmegiň mümkinçiliklerine garalyp, «Aýdyň gijeler» HJ alnyp barylýan işlere üns çekildi. Duşuşygyň dowamynda “Aÿdyñ gijeler” hojalyk jemgyýetinde öndürilýän önümler bilen tanyşdyryldy.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikdäki döredilen «Aýdyň gijeler» HJ öndürilýän döwrebap önümler uly islege mynasyp bolýar. Ilat arasynda “Aÿdyñ gijeler” hojalyk jemgyýetinde önümçiligi ýola goýulýan dürli görnüşli LED lampalaryna, «Älem», «Zemin» we «Tolkun» atly telewizorlaryna, «Körpe» we «Milli» atly telefonlaryna, «Uçgun» atly routerlerine, «Teşne» atly suw sowadyjy we gyzdyryjy enjamlaryna, «Mylaýym» atly kondisionerlerine, «Şowly» atly monobloklaryna we beýlekilere bolan islegler barha artýar.

Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-rus toparynyň arasynda geçirilen duşuşykda «Aýdyň gijeler» HJ alnyp barylýan işlere aýratyn üns çekilmegi bu kompaniyanyñ russiýaly wekilleriň gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
soyegow2011 ( 25.03.2021 )

уважаемая администрация Туркменпортала! прошу выяснить у компании Айлын гиджелер когда у них начнется производство товаров? когда выставят на продажу товары..Когда люди звонят, они только отвечают мы ничего не знаем

1