Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze goşgusyna döredilen aýdym ilkinji gezek ýerine ýetirildi

23:4023.03.2021
0
26600

Meşhur ata-babalarynyň şöhratly ýoluny dowam etjek Aşgabat atly taýyň dünýä inmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy “Ak şäherim Aşgabat” atly goşgyny ýazmaga ruhlandyrdy. Milletiň Lideri bu goşgyny ak mermerli paýtagtymyzyň taryhyna we gazanan üstünliklerine bagyşlanan “Aşgabat” atly täze kitabynda ýerleşdirmegi makul bildi.

TDH-nyň habarynda bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýanyň merjen şäherine bolan söýgini wasp edýän şahyrana setirleriň döwlet Baştutanynyň agtygy Kerim Berdimuhamedowyň sazy esasynda ajaýyp aýdyma hem-de bahar baýramynyň belent senasyna öwrülendigini bellemek gerek.

Aşgabatda geçirilen dabarada bu aýdym ilkinji gezek ýerine ýetirildi. Dabara gatnaşyjylar ony gyzgyn el çarpyşmalar bilen diňlediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň