Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky özüniň hususy QR koduna eýe boldy. Bu kody bankyň resmi saýtyndan göçürip almak bilen, bank hyzmatlaryndan has tiz peýdalanmak mümkindir.
QR koddan peýdalanmak üçin ony öz smartfonyňyzda, planşetiňizde ýa-da noutbugyňyzda surata düşürmek ýeterlikdir. Ýörite programma arkaly okadylan kod siziň üçin bank amallary boýunça onlaýn hyzmatlary has-da ýeňilleşdirer.