«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň yglan eden bäsleşigi jemlendi

21:3818.03.2021
5
14513

15-nji martda «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan eden bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Ýatladyp geçsek, bäsleşigiň şertine laýyklykda, 6-15-nji mart aralygynda isleg bildiren her bir adam bäsleşigiň başlanandygy baradaky habara «Turkmenportal» saýtynda we sosial sahypalarynda özüniň teswirini galdyryp biler.

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň wekilleri iň ýakymly hem iň gyzykly teswirleriň awtorlaryny saýladylar. Eminleriň gelen netijelerine görä, okyjylarymyz Sapa Hommadowyň (Feniх) we Toýly Welleýowyň (Tolya) ýazan teswirleri ýeňiji hökmünde saýlandy.

Baýraklaryň, has takygy, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň öndürýän iki sany telewizorlarynyň gowşurylyş dabarasy 19-njy martda TSTB-niň 13 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän serginiň çäklerinde gowşurylar.

Aýdyň gijeler hojalyk jemgyýeti, ýurdumyzda ilkinji bolup, häzirki zaman elektron we elektrotehniki önümleriň görnüşlerini öndürip başlady. Ilki başda, kompaniýa energotygşytlaýjy lampalary, potolok üçin LED-çyralary we ýollary ýagtylandyrmak üçin prožektorlary öndürip, kompaniýada mekdep okuwçylary üçin öwrediji-kompýuterleriň we smart-telewizorlaryň önümçiligi ýola goýuldy. Kompaniýa häzirki wagtda routerleri, smartfonlary, split-ulgamlaryny, monobloklary we beýleki görnüşli elektron tehnikalary öndürmegi meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Fenix ( 18.03.2021 )

Işleriňizde täze-täze üstünlikleri arzuw edýärin!

1
Tolya ( 19.03.2021 )

Спасибо Туркменпорталу и ХО Айдын гижелер за предоставленный шанс стать обладателем конкурсного приза. Желаю вам дальнейшего роста и процветания. Спасибо за Андроид телевизор Толкун 42го размера.

2