Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda TSTB-niň döredilen gününe bagyşlanan sergi öz işine başlady

11:5317.03.2021
0
22543

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady.

Onuň açylyş dabarasyna birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň wekilleri, hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda akkreditlenen ilçihanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara ýollan Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutany Gutlagynda, hususan-da, şeýle ýüzlenýär:

«Dürli pudaklarda hususy pudagyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak bilen maýa goýum işjeňligini höweslendireris. Şeýlelikde, döwlete degişli bolmadyk pudagyň jemi içerki önümindäki häzirki 70 göterimlik paýyny has-da artdyrarys».

Türkmen telekeçileri üçin ileri tutulýan wezipe ýurduň daşary bazardaky ornuny berkitmekdir. Importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, goşmaça iş ýerlerini döretmek, hyzmat pudagyny we elektron söwdany ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin täze kärhanalaryň gurulmagy we işe girizilmegi möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününe bagyşlanan serginiň işewürlik pudagynyň ösmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Sergä kompaniýalar içerki zawodlar we kärhanalar tarapyndan öndürilýän köp sanly sarp ediş harytlary bilen wekilçilik edýärler. Sergä 190 kompaniýa we aýry-aýry telekeçiler gatnaşyp, täze önümlerini we maýa goýum ösüşlerini görkezýärler. Importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleriň önümçiliginiň geljegine aýratyn üns berilýär.

Serginiň çäginde TSTB-niň agzalarynyň maslahaty hem geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň