Soňky habarlar

Arhiw

«Start» teleýaýlymy AFK-nyň ýaryşlaryny alyp görkezer

11:3018.03.2021
0
5702

Aziýa Futbol konfederasiýasy Russiýanyň «Start» teleradioýaýlymy bilen media hyzmatdaşlygy babatynda Şertnama baglaşdy. Bu barada «Kabelşik» web saýty AFK-nyň metbugat gullugyna esaslanyp habar berýär.

Şertnama laýyklykda teleýaýlym Dünýä çempionaty ― 2022-niň we Aziýa kubogy ― 2023-iň AFK-nyň çägindäki saýlama duşuşyklaryny we AFK-nyň Çempionlar ligasydyr AFK-nyň kubogynyň duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp görkezmek hukugyna eýe boldy.

Teleýaýlym duşuşyklary rus dilindäki teswirleme bilen alyp görkezer. Bulardan başga-da, Koreýanyň futbol çempionaty bilen Hytaýyň basketbol çempionaty hem bu ýaýlymda elýeterli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň