Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan “Binagärlik sungatynyň taryhy we medeniýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahaty gurady

23:5317.03.2021
0
5784
Türkmenistan “Binagärlik sungatynyň taryhy we medeniýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahaty gurady

Şu gün wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen “Binagärlik sungatynyň taryhy we medeniýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde «Binagärlik we gurluşyk ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň esasy çäreleriniň birine öwrüldi.

Paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen forumy Medeniýet ministrligi, Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Aşgabat şäheriniň häkimligi we Türkmenistanyň Binagärler birleşigi gurady.

Menzilara görnüşde geçirilen duşuşyga GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň başlygynyň orunbasary I.Nematow, GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň gezekleşikli başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili M.Şwydkoý, GDA-nyň ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory A.Iksanow, Binagärleriň birleşikleriniň halkara assosiasiýasynyň jogapkär kätibi, Russiýanyň Binagärler birleşiginiň wise-prezidenti, Russiýa Federasiýasynyň at gazanan binagäri, akademik I.Woskresenskiý, şeýle hem Arkalaşygyň ýurtlarynyň ugurdaş ministrlikleriniň we düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle hem muzeýiň eýwanynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň işleriniň sergisi guralyp, onda binagärlik taslamalary we çyzgylary görkezildi.

GDA-a gatnaşyjy döwletler bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Guramanyň assosirlenen agzasy bolan Türkmenistan Arkalaşygyň işine işjeň gatnaşyp, özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça oňyn başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Munuň şeýledigine GDA-da şu ýyly «Binagärlik we gurluşyk ýyly» diýip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň teklibiniň biragyzdan goldaw tapmagy şaýatlyk edýär.

GDA häzirki döwürde halkara hyzmatdaşlygyň binýadynda goýlan maksatlara hem-de esas dörediji ýörelgelere — hoşniýetli erke, ynanyşmaga we deňhukuklylyga eýerýär. Hut şunuň ýaly özara hormat goýmak çemeleşmesi dostluk köprülerini ýola goýmaga, bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde üstünlikli hyzmatdaşlyk etmäge, şeýle hem toplanan tejribäni özara paýlaşmaga ýardam berýär.

Geçirilen onlaýn maslahat hem hut şu maksatlara gönükdirildi. Onuň çäklerinde GDA ýurtlarynyň halklarynyň binagärlik mirasy, häzirki zaman şähergurluşygynyň däpleri we täzeçil usullary barada çykyşlar diňlenildi.

Foruma gatnaşýanlar üçin Türkmenistanyň medeni mirasy we binagärligi hem-de şu ýyl 140 ýyllygy bellenilýän, Ýer ýüzüniň iň owadan şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilen ak mermerli Aşgabat barada ýörite taýýarlanan wideorolik görkezildi.

Maslahata gatnaşanlar Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge we has ýygjam işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam bermäge gönükdirilen şunuň ýaly forumlaryň guralmagynyň örän möhümdigini nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň