Türkmenistanyň DIM-i howanyň üýtgemegi bilen bagly "tegelek stoluň" başyndaky duşuşygy geçirdi

21:1917.03.2021
0
7566

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen bilelikde paýtagtyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça 2021 (COP26) maslahatyna tarap: Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça tagallalary we öňde goýlan wezipeleri» atly tegelek stolyň başyndaky duşuşyk geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýty habar berýär.

Göni we sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Beýik Britaniýanyň Hökümetiniň, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri, ösüş boýunça hyzmatdaşlar we donorlar gatnaşdylar.

2021-nji ýylyň noýabrynda Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde geçiriljek BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça 2021 (cop26) maslahatyna bagyşlanan bu tegelek stol duşuşygy ýyladyşhana gazlarynyň (ÝG) zyňyndylaryny azaltmak we az uglerodly hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek meselesinde bilermenler derejesinde halkara hyzmatdaşlygy üçin täze pikirleri we ugurlary döretmek maksatly özboluşly meýdança boldy.

Duşuşygyň dowamynda şeýle-de Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrundaky tagallalary we ýurtda alnyp barylýan işleri, şeýle hem gelejek üçin meýilnamalary şöhlelendirýän global howa ylalaşyklary boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlylygy giňişleýin beýan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň