Soňky habarlar

Arhiw

Pakistanyň Milli bankynyň Aşgabatdaky şahamçasyna degişli emläkler bäsleşikli söwdada satylar

09:2715.03.2021
0
22162

Pakistanyň Milli bankynyň Aşgabat şahamçasy şahamçanyň işiniň meýletin ýatyrylýandygy sebäpli, «Türkmenistan» gazetinde çap edilen bildiriş bilen bankyň ulanyşda bolan emläklerini satmak boýunça Aşgabat şäheriniň N.Gullaýew köçesiniň 33-nji jaýynda açyk bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berdi.

Bildirişde hem görkezilişi ýaly, 17-nji mart güni sagat 10-dan 15-e çenli şahamçanyň ofis mebelleriniň we seýfletiniň, 18-nji martda ýene şol wagt aralygynda ofis kompýuter tehnikalarynyň, enjamlaryň we awtoulaglaryň bäsleşikli söwdasy bolar.

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga isleg bildirýän ähli taraplar açyk bäsleşikli söwdalaryň şertleri bilen satuw geçirilýän ýerde tanşyp bilerler.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312-22-14-91/83.

Elektron salgysy: nbpturk@nbp.com.tm; nbpturkmen@gmail.com.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň