Top.Mail.Ru

Arhiw

KHBS-niň türkmenistanly wekilleri üçin IWPR tarapyndan üç günlük okuw-türgenleşigi guraldy

15:2214.03.2021
0
4558

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginde «Täze medialar, sanly žurnalistika we media sowatlylyk» temasyndan üç günlük okuw-türgenleşigi geçirildi. Çäre Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldamagynda Merkezi Aziýadaky IWPR (Institute for War and Peace Reporting) tarapyndan guraldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Treningi CABAR.Asia Mediamekdebiniň wekili we Merkezi Aziýada täze medialary hem-de sanly žurnalistikany ösdürmek boýunça taslamanyň utgaşdyryjysy Begaýym Ajikeýewa alyp bardy.

CABAR.Asia Mediamekdebi ― bu media, kommunikasiýalar we bilermenlik analitikasynda ösmäge höwesekler üçin işleýän Merkezi Aziýadaky IWPR mediaguramasynyň bilim meýdançasydyr. Kärine ussat žurnalistler ― Mediamekdebiň tälimçileri türkmen kärdeşlerine öz iş tejribesi barada gürrüň berdiler.

Russiýaly mediatälimçi Wsewolod Pulýa «üç sekunt» düzgüni işlär ýaly internetde habary nähili bermelidigi barada gürrüň berdi. Tanyşdyrylyş duşuşyga gatnaşanlary neşiriň bäsleşik artykmaçlygyny kesgitleýän gurallar bilen tanyşdyrdy. Okyjyny, ozaly bilen, güýçli, duýgylara täsir edýän ýa-da gyzyklandyrýan sözbaşy özüne çekýär. Onda sanlaryň getirlmegi hem üstünligiň girewiduň. Adaty adamlaryň «gepleýiş» sözleri, ülňülerden we resmi dilden gaça durulmagy, az sözlülik, ýöne sözlemleriň we ak setirleriň manylylygy – tälimçiniň beren bu maslahatlarynyň ählisiniň peýdasy monitoryň ekranynda diňleýjiler üçin anyk mysallar arkaly görkezildi.

Gyrgyzystanly tälimçi Aýzada Toma öz çykyşynda okyjylalr bilen kommunikasiýa temasyndan wizual storitelling – wizual obrazlar arkaly wakalary gürrüň bermek usuly bilen tanyşdyrdy. Aýzada onlaýn-duşuşyga gatnaşanlary täze medialaryň häzirkizaman gurallary -- Canva.com we Tilda, meýdançalary bilen tanyşdyrdy, olaryň mümkinçiligi hatda programma düzmegi başarmaýanyňda-da foto- wideo ýordumlary, grafiki wakalary we öz saýtyňy aňsat döretmäge mümkinçilik berýär.

ABŞ-dan Tara Todras-Waýthilliň tanyşdyryşy storitelling usulyna, şeýle hem internetde interwýuny ýaýmaklyga bagyşlandy. Okuw-türgenleşigiň maksatnamasyna şeýle hem žurnalistikanyň halkara ölçegleri we etiki kadalary, feýklere (ýalan maglumatlara) garşy göreş usullary, sosial ulgamlar eýýamynda täze medialaryň formaty ýaly temalar girdi.

Timur Toktonaliýew (Gyrgyzystan), Marat Mamadşoýew (Täjigistan), Adam Tinwort (Beýik Britaniýa) we Aleksandr Gorohowskiý (Ukraina) ýaly tälimçiler sanly žurnalistikanyň ösüş ýollary bilen tanyşdyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň