Aşgabatda «Kompaniýany eksporta nähili taýýarlamaly?» diýlen tema boýunça gysga wagtlyk okuw geçirildi

20:3913.03.2021
0
10005

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Netijelilik» hojalyk jemgyýetiniň (MCT Agency) geňeşçileri we önümçilik wekilleri tarapyndan «Kompaniýany eksporta nähili taýýarlamaly?» diýlen tema boýunça gysga wagtlyk okuw geçirildi. Oňa arassaçylyk, konditer we çörek, iýmit we estetiki önümleri öndürýän kärhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Okuwyň esasy maksady önümlerini eksport edýän ýa-da ony meýilleşdirýän kompaniýalaryň wekillerine bu işleri alyp barmak we kompaniýanyň eksport mümkinçiliklerini ösdürmek üçin meýilnama düzmek boýunça ýardam bermekden ybarat.

Şeýle hem okuwyň çäginde eksport strategiýasy, önümçilik we önümi taýýarlamak, eksport bazarlaryny öwrenmek, maliýe ýagdaýy we dolandyryş ulgamlary ýaly meselelere garaldy.

Okuwa gatnaşyjylar önümiň eksport edilýän döwründe çözülmeli meselelere düşünmekde, kompaniýa üçin ösüş meýilnamalaryny düzmekde bu okuwyň ähmiýetini bellediler we şeýle okuwlary has giňeldilen tertipde geçirmegiň möhümdigini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň