Soňky habarlar

Arhiw

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda iki ýylda 80 gämi abatlandy

18:1213.03.2021
0
13723

“Balkan” Gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (AGPJ) gämi ussahanasynda 2021-nji ýylyň iki aýynda gämileriň ýedisi abatlanyldy. Olaryň arasynda daşary ýurt kompaniýalaryna degişli gämiler hem bar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, özara gatnaşyklar Russiýanyň Tatrystan Respublikasynyň “Ak bars” gämi gurluşyk korporasiýasy” paýdarlar jemgyýeti, Türkiýäniň “Derya Group Mekanik Inşaat Taahhüt Tersane San. ve Tic. A. Ş.” kompaniýasy, Russiýanyň “Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasy” paýdarlar jemgyýeti, şeýle hem Günorta Koreýanyň Deňiz enjamlary Barlag Instituty ýaly kompaniýalar bilen gol çekilen gämi abatlaýyş we gämi gurluşygy barada ähtnamalara laýyklykda ösdürilýär.

Mundan başga-da, kärhanada köpri gurluşygynda ulanylýan dürli ölçegli demir gurnamalar ýygnalýar, hereketlendirijileriň wallaryny gyrmak, galyňlygy 100 mm çenli polat listleri plazma usulynda kesmek boýunça hyzmatlar amala aşyrylýar we önümçilik bilen baglanşykly beýleki kärhanalaryň tabşyryklary ýerine ýetirilýär.

Häzirki wagtda gämi ussahanasynda diňe bir gämiler däl, eýsem nebit daşaýan tankerler, deňiz platformalary, buksirler, gaýyklar abatlanylýar we gurulýar.

Şeýle-de gämi ussahanasynyň özünde hünärmenleri sertifikasiýalaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Halkara ISO 9001:2015 ölçegine laýyklykda hil menejmentini ornaşdyrmak we sertifikasiýalaşdyrmak göz öňünde tutulýar, bu bolsa zawoda gämi gurluşygynda daşary ýurtly kärhanalar bilen üstünlikli bäsleşmäge mümkinçilik berer.

“Balkan” Gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody” AGPJ-nyň döredilen wagtyndan bäri (2019-njy ýylyň maý aýy) geçen iki ýyla golaý döwürde gämileriň 80-si abatlanyldy we olaryň 20-sinde düýpli abatlaýyş işleri geçirildi.

Çeşme: Biznes-Türkmenistan

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň