Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ministrlikleriniň üçüsinde we TYA-da «Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy» bölümi açylar

23:5112.03.2021
0
7228

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Geldinyýazow döwlet Baştutanyna garamagyndaky käbir düzümleriň işini kämilleşdirmek baradaky teklipleri hödürledi.

“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan”, döwlet Baştutanymyzyň “Ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek hakynda” Kararyndan, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň, Ylymlar akademiýasynyň merkezi edarasynyň düzüminde “Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy” bölümini açmak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu düzümleriň Düzgünnamalaryny kämilleşdirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýokary tehnologiýaly sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň örän wajypdygyny belledi. Bu ulgam häzirki döwrüň şertlerinde ähli işleri ýokary derejede guramaga, utgaşdyrmaga, ýerine ýetirilýän işleriň netijeliligine hem-de hiline gözegçiligi amala aşyrmaga ýardam edýän dolandyryşyň netijeli guraly bolup durýar. Döwlet dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek, “Elektron hökümet” ulgamyny işjeň ornaşdyrmak döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen möhüm döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň wajyp şertidir.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere bu ugurda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyryp, döwrebap sanly ulgamlary mundan beýläk-de ornaşdyrmak boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň