Soňky habarlar

Arhiw

TFF transfer penjiresiniň 25-nji marta çenli uzaldylandygyny habar berdi

19:0612.03.2021
0
7377

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ýurdumyzyň Ýokary ligasynyň klublarynyň gatnaşmagynda geçirilýän ýurdumyzyň çempionatynyň toparlary üçin gyşky transfer möwsüminiň 25-nji marta çenli uzaldandygyny habar berýär.

Onuň dowamynda futbol çempionatymyza gatnaşýan ýurdumyzyň toparlary düzümlerine oýunçylary geçirmäge mümkinçilik alýarlar.

Gyşky oýunçy alyş-çalyş möwsüminiň 2021-nji ýylyň 1-nji fewralynda açylandygyny ýatladýarys.

Ýeri gelende bellesek, 29-njy gezek geçiriljek futbol çempionatymyz toparlaryň 8-siniň (“Altyn Asyr”, “Ahal”, “Şagadam”, “Köpetdag”, “Aşgabat”, “Merw”, “Nebitçi”, “Energetik”) gatnaşmagynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň