Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýaş hukukçylaryň arasynda bäsleşik yglan edildi

21:5909.03.2021
0
11011

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2021-nji ýy­lyň 12-nji few­ra­lyn­da gol çe­ken Ka­ra­ry bi­len tas­syk­la­nan Türk­me­nis­tan­da we da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän çä­re­le­riň Mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Ada­lat mi­nistr­li­gi 2021-nji ýy­lyň mart aýyn­da ýaş hu­kuk­çy hü­när­men­le­riň ara­syn­da hal­ka­ra bäs­le­şik ge­çir­ýär. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berildi.

Bäs­le­şi­ge ýur­du­myz­dan hem-de goň­şy we ýa­kyn hyz­mat­daş­lyk sak­la­nyl­ýan döw­let­ler­den 30 ýa­şa ýet­me­dik ýaş hu­kuk­çy hü­när­men­ler gat­naş­ýar­lar.

Bäs­le­şi­giň mow­zuk­la­ry:

1) Hal­ka­ra ener­ge­ti­ka tas­la­ma­la­ryn­da hal­ka­ra hu­kuk ka­da­la­ry­nyň ula­ny­lyş aý­ra­tyn­lyk­la­ry;

2) Hal­ka­ra eko­lo­gi­ýa hu­ku­gy­nyň wa­jyp me­se­le­le­ri we döw­re­bap hu­kuk çöz­güt­le­ri;

3) Hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň hal­ka­ra hu­kuk bin­ýa­dy­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi;

4) Hal­ka­ra ar­bit­raž ka­zy­ýet­le­rin­de döw­le­tiň bäh­bit­le­ri­ni go­ra­ma­gyň hä­zir­ki za­man tej­ri­be­si we gel­je­gi.

Gat­na­şy­jy­lar ag­za­lan mow­zuk­la­ryň bi­ri bo­ýun­ça 2021-nji ýy­lyň 25-nji mar­ty­na çen­li türk­men, rus ýa-da iň­lis dil­le­ri­niň haý­sy hem bol­sa bi­rin­de 20 sa­hy­pa­dan geç­me­ýän, «Ti­mes New Ro­man» 14-lik şrif­t­de ýa­zy­lan, aw­tor ta­ra­pyn­dan gol çe­ki­len, «pdf» for­ma­tyn­da­ky işi­ni elekt­ron poç­ta ar­ka­ly mi­nj­us­tice@on­li­ne.tm sal­gy­sy­na iber­me­li we 2021-nji ýy­lyň 30-njy mar­tyn­da wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly öz işi­ni esas­lan­dy­ryp, çy­kyş et­me­li.

Bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri goý­lan baý­rak­lar bi­len sy­lag­la­ny­lar we ola­ra de­giş­li şa­ha­dat­na­ma­lar gow­şu­ry­lar.

Goş­ma­ça mag­lu­mat­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Ada­lat mi­nistr­li­gi­niň mi­njust.gov.tm res­mi web-saý­tyn­dan alyp bi­ler­si­ňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň