Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Aşgabat şäheriniň häkimliginde köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy.
Dabaraly çärä gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, türkmen zenanlary döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ugurlarynda öndürijilikli zähmet çekýärler, telekeçilik işini alyp barýarlar, Watanyň beýik gazananlaryna mynasyp goşant goşmak ugrunda jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanýarlar. Ýokary bilim we belent hünär derejesi, oňyn teklipleri hödürlemegi zenanlaryň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurduň zenanlary her ýylda döwlet sylaglaryna, ordenlere we medallara mynasyp bolýarlar.
Köp çagaly eneleriň “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolmagy olaryň jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlarynyň ykrarnamasydyr, Watanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine goşandynyň tassyklanmasydyr.
Köp çagaly maşgalalara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak döwletiň hemişelik üns merkezinde saklanýar.
Ýurduň welaýat merkezlerinde sekiz we şondan köp çagany ösdürip ýetişdiren eneleri hormatlamak, olara Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hem-de köp çagaly maşgalalara ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi.