Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ýüpek hem-de bambuk matalaryny hödürleýän «Nur Ýüpek» dükany harytlarynyň belli bir toparyna 10 göterim arzanlaşyk yglan edýär. Şeýlelikde, düz ýüpegiň bir kesimi 400 manatdan, nagyşly matalar — 460 manatdan, «flamaster» görnüşli matalar – 540 manatdan hödürlenilýär. Arzanlaşyk çäresi 1-nji martda başlanyp, aýyň 10-una çenli dowam eder.
«Nur Ýüpek» mata önümleri dükany ýüpek hem-de bambuk süýümlerinden taýýarlanan ýokary hilli matalary bilen meşhurdyr. Dükan alyjylary üçin arzanlaşyk hem-de köpçülikleýin satyş çärelerini yzygiderli geçirip durýar. Dükanyň mobil programmasydan söwda edilen ýagdaýynda Aşgabat şäheriniň içine eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.