Türkmenistan YHG-a başlyklyk edip başlady

21:0404.03.2021
0
9623

Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda (YHG) başlyklyk edip başlady. Ýurdumyz üçin bu möhüm hadysa YHG-nyň liderleriniň şu gün geçirilen 14-nji sammitiniň çäginde bolup geçdi. Sammit Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň ýolbaşçylygynda onlaýn görnüşde geçirildi. Bu barada Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

“COVID-19-dan soňky döwürde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” atly sammite Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Owganystanyň Prezidenti Mohammed Aşraf Gani, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Alyýew, Pakistanyň Premýer-ministri Imran Han we beýleki ýokary derejeli myhmanlar gatnaşdy. Şeýle hem bu sammite Energetika Hartiýasynyň hem-de Türk Geňeşiniň baş sekretarlary hem synçy hökmünde gatnaşdy.

Sammitiň barşynda esasy üns pandemiýanyň ykdysadyýete ýetiren ýaramaz täsirlerini ýeňip geçmeklige gönükdirildi.

Sammitde çykyş edenler COVID-19 pandemiýasy zerarly ýüze çykan ykdysady hem sosial çökgünlikleri ýeňip geçmek üçin bilelikdäki hereketlere taýýardygyny, bu ugurda işjeň hereketleri alyp barmak üçin YHG-da ähli mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. 

Sammitiň barşynda şeýle hem bilelikdäki ykdysady, ynsanperwer we söwda hyzmatdaşlygyny  berkitmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy.

Sammitiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistana Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda üstünlikli başlyklyk etmegi arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň