Soňky habarlar

Arhiw

Antoniu Guterrişiň Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli Ýüzlenmesi

23:0702.03.2021
0
2565
Antoniu Guterrişiň Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli Ýüzlenmesi
Surat: mfa.gov.tm

2021-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty geçirildi.

Maslahatda  BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyna gatnaşyjylara ýollan Ýüzlenmesini okady.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş «Türkmenistany Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli gutlamaga şatdygyny» belläýär. «Türkmenistan möhüm agza-döwlet bolmak bilen, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek arkaly Guramanyň maksatlaryna ýetmek işinde açyk we işjeň ähmiýetli orun eýeleýär».

Ol şeýle-de «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi, ýurtda BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýerleşdirilmegi hem-de döwletiň BMG-niň Baş Assambleýasynda öňe sürýän köpsanly başlangyçlary, şol sanda 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi baradaky Kararnamasy – biziň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we gülläp ösüşiň hatyrasyna alyp barýan umumy ymtylyşlarymyza ähmiýetli goşant goşýar. Men yzygiderli tagallalary üçin Türkmenistana minnetdarlygymy bildirýärin  we şu şanly sene mynasybetli mähirli gutlaýaryn» diýip bellelýär. 

Şeýle-de okaň!

Şu gün Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmegine 29 ýyl doldy

Türkmenistan BMG-niň işgärlerine wiza düzgünlerini ýeňilleşdirýär

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň