Soňky habarlar

Arhiw

TSTB-niň sergisine 170 kompaniýa gatnaşar

18:5001.03.2021
0
13033

17-18-nji martda Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde türkmen hususy işewürliginiň gazananlarynyň sergisi bolup geçer, ol adatça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününe gabat getiriler, şu ýylda birleşme özüniň on üç ýyllygyny belleýär. Bu barada TSTB-niň resmi saýty habar berýär.

Eýýäm TSTB-niň 170 sany agzasy bu çärä gatnaşmaga isleg bildirdiler. Olaryň içinde oba hojalygy, azyk gaýtadan işleýän, senagat önümçiligi, gurluşyk, gurluşyk materiallarynyň we elektroenjamlaryň önümçiligi, söwda, syýahat, bilim, IT-tehnologiýalary, hyzmatlar, ulag we logistika ulgamy, halk senetçiligi we beýlekiler boýunça işleýän hususy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri.

Gözden geçirilişiň esasy maksady –watanmyzyň telekeçiligiň diňe bir üstünliklerini däl-de, onuň mümkinçiliklerini ýaýyp görkezmeklik. Şonuň üçin esasy üns dürli ulgamlardaky täzeçilikler bilen tanyşdyrylyşda jemlener, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň we daşary ýurtlara ibermek üçin niýetlenen önümleriň önümçiliginde telekeçiler tarapyndan ulanylýan innowasion işlenip taýýarlamalara üns beriler.

Şeýle hem Sergiler merkeziniň meýdançasynda täze modaly lybaslaryň “Ýaz-Tomus-2021” ýygyndysynyň görkezilşi geçiriler.

TSTB-niň işewürlik merkezinde geçiriljek maslahatda hususy bölegiň öňünde duran düýpli döwlet maksatnamalary boýunça wezipeleri durmuşa geçirmegiň aspektleri, iri döwlet sargytlaryny we maýa goýum taslamalaryny ýerine ýetirmeklik, hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri we watanmyzda öndürilýän harytlary daşary ýurtlara hödürlemek boýunça barha giňelýän mümkinçilikler barada soraglar ara alnyp maslahatlaşylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň