AFK-nyň kubogy ― 2021-iň «E» toparçasynyň duşuşyklary Gyrgyzystanda geçiriler

18:0601.03.2021
0
2895
AFK-nyň kubogy ― 2021-iň «E» toparçasynyň duşuşyklary Gyrgyzystanda geçiriler

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy AFK-nyň Kubogy-2021-iň «E» toparçasynyň duşuşyklarynyň Gyrgyzystanda geçiriljekdigini habar berdi. Bu toparçada ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahal» futbol topary hem ýaryşar.

«Ahalyň» garşydaşlary Täjigistanyň Kubok bäsleşiginiň ýeňijisi “Rawşan” hem-de Gyrgyz Respublikasynyň çempiony “Dordoý” toparlary bolarlar.

AFK-nyň Kubogy – 2021-iň toparçalaýyn bäsleşigi 14-20-nji maý aralygynda merkezleşdirilen görnüşde geçiriler. Toparçalaryň ýeňijileri sebitleýin finalda duşuşmaga mümkinçilik alarlar. Iki oýundan ybarat bolan final duşuşygy 11-25-nji awgustda geçiriler.

AFK-nyň Kubogy - 2021

Merkezi sebit

 “Е” toparça (geçirilýän ýeri: Bişkek, Gyrgyz Respublikasy):

“Rawşan” (Täjigistan)

“Dordoý” (Gyrgyz Respublikasy)

“AHAL” (TÜRKMENISTAN)

1-nji tapgyr, 14-nji maý (anna):
«AHAL» (TÜRKMENISTAN) - «Rawşan» (Täjigistan)

2-nji tapgyr, 17-nji maý (duşenbe):
«Dordoý» (Gyrgyz Respublikasy) - «AHAL» (TÜRKMENISTAN)

3-nji tapgyr, 20-nji maý (penşenbe):
«Rawşan» (Täjigistan) - «Dordoý» (Gyrgyz Respublikasy).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň