Soňky habarlar

Arhiw

Mämmet Orazmuhammedow AFK-nyň kubogynyň iň güýçli derwezeçileriniň arasynda görkezilýär

20:2628.02.2021
0
6763

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol toparynyň 34 ýaşly derwezeçisi Mämmet Orazmuhammedow AFK-nyň kubogynyň taryhynda «Iň gowy derwezeçi» diýen adyň dalaşgärleriniň arasynda görkezildi. Ses berlişik AFK-nyň resmi saýtynda geçirilýär.

«2006-njy ýylda geçirilen ýaryşda Aşgabadyň HTTU toparynyň düzüminde çykyş eden ýetginjek Mämmet Orazmuhammedow yklym ýaryşyna ýene bir gezek dolanmak üçin 10 ýyl çemesi garaşmaly boldy. Soňra ol Aziýa yklymyndaky iň oňat derwezeçileriň biri hökmünde özüni görkezdi. 2016-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň derwezesini gorap gelýän Orazmuhammedow ýaryşda (AFK-nyň kubogynda) dokuz duşuşykda derwezeden asla pökgi geçirtmedi. Onuň topary «Altyn asyr» bolsa 2018-nji ýylda Türkmenistandan AFK-nyň kubogynyň finalyna çykan ilkinji topar boldy» diýlip, ol baradaky teswirlemede ýazylýar.

Sanawda Orazmuhamedowdan başga-da liwanly Mehdi Halil, iordaniýaly Amer Şafi we Loaý al-Amaireh, kuweýtli Musab al-Kandar we Nawaf al-Haldi, malaýziýaly Farizal Marlias, yrakly Fahad Talib we siriýaly Mosab Balhus bar. 

AFK-nyň resmi web saýatyndaky ses berlişik başlandy. Onda her kim islän derwezeçisine ses berip biler. Geliň, watandaşymyza goldaw bereliň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň