Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň bijeleri çekildi

20:0127.02.2021
0
4600
Ýewropa ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň bijeleri çekildi

UEFA-nyň Nýondaky edara binasynda 26-njy fewralda Ýewropa ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň bijeleri çekildi. «Mançester Ýunaýted» — «Milan» duşuşygy tapgyryň merkezi oýunlarynyň biri bolar.

Bije çekişligiň netijeleri UEFA-nyň resmi saýtynda neşir edildi.

 «Aýaks» (Niderlandlar) — «Ýang Boýz» (Şweýsariýa)
«Dinamo» (Kiýew, Ukraina) — «Willýareal» (Ispaniýa)
«Roma» (Italiýa) — «Şahtýor» (Ukraina)
«Olimpiakos» (Gresiýa) — «Arsenal» (Angliýa)
«Dinamo» (Zagreb, Horwatiýa) — «Tottenhem Hotspur» (Angliýa)
«Mançester Ýunaýted » (Angliýa) — «Milan» (Italiýa)
«Slawiýa» (Praga, Çehiýa) — «Reýnjers» (Şotlandiýa)
«Granada» (Ispaniýa) — «Molde» (Norwegiýa)

Ýewropa ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň birinji duşuşyklary 11-nji martda, jogap oýunlary 18-nji martda oýnalar. Çärýek final we ýarym final bijeleri 19-njy martda çekiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň