Türkmenistanyň Prezidenti 26-njy fewralda geçiren wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Geldinyýazow Türkmenistanyň “Altyn nesil” atly çagalar guramasyny döretmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
7-14 ýaşly mekdep okuwçylaryndan ybarat boljak bu gurama döwlet Baştutanynyň başlangyjy esasynda ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olaryň zehinlerini açyp görkezmegi üçin zerur şertleri üpjün etmek hem-de höweslendirmek maksady bilen döredilýär.
Wise-premýer hormatly Prezidentiň garamagyna Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan şahadatnamanyň şekil taslamasyny hödürledi.
Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaş nesillere bilim-terbiýe bermek, olaryň jemgyýetçilik işjeňligini ösdürmek, köptaraply zehinlerini açyp görkezmek işleriniň ähmiýetlidigini belledi we bu babatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna degişli tabşyryklary berdi.
Çagalaryň bähbitleriniň ileri tutulmagy ýurduň umumy ykrar edilen halkara kadalaryna hem-de çuňňur ynsanperwer milli ýörelgelere esaslanýan we durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynda möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Bagtyýar çagalyk biziň ertirki günümize ynamymyzdyr, kuwwatymyzdyr, şöhratymyzdyr diýip, milli Lider belledi. Hormatly Prezident şahadatnamanyň şekil taslamasyny makullap, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmek barada wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.