Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça 22-nji fewralda Ankara şäherine iş sapary bilen giden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow şu gün – 23-nji fewralda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan kabul edildi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň resmi web saýtynda habar berilýär.
Şol gün Ankarada Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň we Mewlüt Çawuşoglunyň arasynda daşary işler ministrlikleriniň syýasy geňeşmeler geçirildi. Ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Türkiýe halkara derejesinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi boýunça başlangyçlaryny özara goldaýarlar. Ministrler şeýle-de sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde iki ýurduň bilelikdäki hereketleriniň pugtalandyrylmagynyň ähmiýetini aýratyn belläp geçdiler.
Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagy, şeýle-de iki döwletiň maýa goýum işjeňliginiň giňeldilmegi ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn temasy boldy.
Gepleşikler jemleri boýunça Ministrler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021–2022-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama gol çekdiler.