Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkiýe Respublikasynda iş saparynda bolýar. «Atavatan-Türkmenistan» saýtynyň türk metbugatyna salgylanyp, habar bermegine görä, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşdy.
Duşuşyk Türkiýäniň Daşary işler ministrligine geçirildi. Türkmen wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan hem kabul ediler. Bu kabul edişlik Türkiýäniň sagady bilen 15:00-da Aşgabat wagty bilen 17:00-da geçiriler.
Şeýle hem türkmen wekiliýeti bu saparyň dowamynda «Türkmenistan ― Türkiýe ― Azerbaýjan» üçtaraplaýyn dialogyň çäklerinde daşary işler ministrleriniň 5-nji mejlisine hem gatnaşar.