Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow sebitleriň häkimliklerinde ýolbaşçylary täzeledi

23:0122.02.2021
0
8954
Berdimuhamedow sebitleriň häkimliklerinde ýolbaşçylary täzeledi

 

22-nji fewrlada geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň dowamynda Prezident Berdimuhamedow guramaçylyk meselelerine seredip, käbir häkimliklerde işgärleri täzeledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen,

Guwançmyrat Ýazmyradow Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň  häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Hemramuhammet Mamydow Ahal  welaýatynyň Bäherden  etrabynyň   häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Gurbanmyrat Çopanow pensiýa gitmegi sebäpli, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň   häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Nurýagdy Gummadow Ahal welaýatynyň Babadaýhan  etrabynyň  häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Annadurdy Mämmedow pensiýa gitmegi sebäpli, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň  häkiminiň orunbasary wezipesinden  boşadyldy.

***

Begenç Taýyrow Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň  häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Wepa Nurgeldyýew Daşoguz  welaýatynyň  häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Azat Joraýew Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň  häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Geldiýew Öwliýäguly işde goýberen kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň Garagum  etrabynyň  häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

 Kadyrberdi Aşyrow Mary  welaýatynyň Garagum  etrabynyň  häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Almaz Ballyýew Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň oba hojalyk tehnikalary we gurallary boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň