Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentine itşynaslar üçin döşe dakylýan nyşanlaryň hem-de “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen medalynyň görnüşleri hödürlenildi

23:5519.02.2021
0
6456

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň işini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hususan-da, “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” we “Türkmenistanyň halk itşynasy” diýen döşe dakylýan nyşanlaryň hem-de “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen medalynyň görnüşleri döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, dünýäde milli taryhy-medeni mirasymyzy goramagyň hem-de wagyz etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Bu ugurda türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk işini ösdürmek, bu täsin tohum itleriniň sanyny artdyrmak alnyp barylýan işleriň möhüm ugruna öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti döşe dakylýan nyşanlaryň we medalyň hödürlenen görnüşleri bilen tanyşdy we olary makullady. Munuň özi ata-babalarymyz tarapyndan ýola goýlan gadymy itşynaslyk däplerine hormat goýulýandygynyň beýanydyr, bu bolsa alabaýlaryň tohumyny has-da kämilleşdirmek boýunça häzirki döwürde görülýän çärelerde mynasyp dowam etdirilýär diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň