Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň mart aýyndaky resmi duşuşyklary iýuna süýşürildi

20:2719.02.2021
0
11962

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy Dünýä çempionaty ― 2022-niň mart aýyndaky saýlama duşuşyklarynyň aglabasynyň şu ýylyň iýun aýyna geçirilendigini resmi ýagdaýda habar berdi.

Martda diňe Saud Arabystany bilen Ýemeniň (25-nji mart, Er-Riýad), Nepal bilen Awstraliýanyň (30-njy mart, Katmandu), Mongoliýa bilen Ýaponiýanyň (30-njy mart, Tiba, Ýaponiýa) we Täjigistan bilen Mongoliýanyň (25-nji mart, Duşenbe) arasyndaky duşuşyklar geçiriler.

Şeýlelikde, beýleki milli ýygyndylar bilen birlikde Türkmenistanyň ýygyndysynyň hem mart aýynda meýilleşdirilen duşuşyklary iýuna geçirildi. Milli ýygyndymyzyň Koreýa Respublikasynyň, Liwanyň, KHDR-nyň we Şri-Lankanyň futbolçylary bilen «H» toparçada ýaryşýandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň