Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň gümrük işgärleri ýapon agentligi tarapyndan geçirilen okuw kursuna gatnaşdylar

20:1019.02.2021
0
9175
Türkmenistanyň gümrük işgärleri ýapon agentligi tarapyndan geçirilen okuw kursuna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) tarapyndan sanly wideoaragatnaşyk arkaly gurnalan «Gümrük dolandyrylyşy» atly okuw kursuna gatnaşdylar. Merkezi Aziýa ýurtlary üçin gurnalan bu okuwa şeýle-de Özbegistan, Gazagystan we Täjigistan Respublikalarynyň gümrük gulluklaryndan wekiller gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýty habar berýär.

Okuw çäresiniň dowamynda Ýaponiýanyň Kobe şäherinde ýerleşýän Gümrük Okuw merkeziniň hem-de JICA Agentliginiň işgärleri Ýaponiýada gümrük işiniň ähli ugurlary barada prezentasiýalar bilen çykyş edip, umumy sapaklary berdiler. Edilen çykyşlardan we prezentasiýalardan Ýaponiýada gümrük işiniň amala aşyrylyşy barada giňişleýin maglumat almak mümkin boldy. 

Sapaklar: «Ýaponiýanyň gümrük gullugyna syn»; «Söwdany ýeňilleşdirmek»; «Töwekgelçiligi dolandyrmak»; «Harytlaryň gelip çykan ýurdy»; «Intellektual eýeçilik hukuklary», «Ygtyýarly ykdysady operator» we başgalar ýaly mowzuklar boýunça geçirildi.  

Okuw kursunyň jemi boýunça gatnaşyjylara Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) şahadatnamalary gowşuryldy.

Ýaponiýanyň gümrük gullugy dünýäde iň ösen edaralaryň biridir. Bütindünýä gümrük guramasyny esaslandyryjylaryň biri we gümrük dolandyryşy pudagynda innowasiýa çemeleşmeleri bilen baglanyşykly köp sanly halkara taslamalaryna gatnaşyjy bolup durýan Ýaponiýanyň gümrük gullugy, onuň ösüşi, ösüşiniň taryhy nukdaýnazaryndan öwrenilmäge mynasypdyr. Ýaponiýanyň gümrük edaralarynyň tejribesini öwrenmegiň Türkmenistanyň gümrük edaralary üçin hem peýdalylygy taýdan ähmiýetlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň