Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Daşkent» seýilgähi dörär

23:4217.02.2021
0
23865

Ýakyn ýyllarda Aşgabat şäherinde «Daşkent» seýilgähi peýda bolar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň daşary işler ministrini kabul edende aýtdy.

Daşkent şäherinde türkmen halkynyň akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän köçäniň we akyldar şahyryň heýkeliniň hem-de “Aşgabat” seýilgähiniň açylmagy baky dostlugyň, agzybirligiň hem-de halklaryň medeni taýdan ýakynlygynyň aýdyň nyşanydyr.

Öz nobatynda, türkmen paýtagtynda Alyşir Nowaýy köçesi bolup, “Ylham” seýilgähinde onuň ýadygärligi oturdyldy.

Duşuşykda iki ýurduň halklaryny asyrlaryň dowamyndan bäri birleşdirýän medeni we ruhy däpleriň taryhy taýdan ýola goýlan umumylygy binýadynda duran ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Daşoguz welaýatynda özbekleriň uly kowçum bolup, türkmenler bilen dostlukda we doganlykda agzybir ýaşaýandyklaryny belledi. Olar öz zähmeti bilen ýurdumyzyň gülläp ösmegine uly goşant goşýarlar. Munuň bir mysaly hökmünde 2020-nji ýylyň iň oňat etrabynyň sylaglanylmagyny görkezmek bolar. Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby ýörite bäsleşigiň netijeleri boýunça iň gowy etrap diýip yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň