Arhiw

Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň häkimliklerinde ýolbaşçylary çalyşdy

23:2816.02.2021
0
18685

Türkmenistanyň Prezidentiniň 16-njy fewralda gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň käbir etraplarynyň häkimleriniň orunbasarlary täzelendi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Nazarowa Sona Ýagmurowna özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Laçyn Altybaýewna Gurbanowa Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Owezowa Bahargül Uzakberdiýewna özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ogulmähri Baýmädowna Nuryýewa Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň