Soňky habarlar

Arhiw

Geçen ýyl Türkmenistan - Özbegistan söwda dolanyşygy 530 million dollara golaýlady

15:4716.02.2021
0
2542
Geçen ýyl Türkmenistan - Özbegistan söwda dolanyşygy 530 million dollara golaýlady

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2020-nji ýylyň ahyrynda 527 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki we sebitara gözleg institutynyň web sahypasyna salgylanyp, «Biznes Türkmenistan» habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende bu görkeziji iki ýurduň arasyndaky özara söwdanyň takmynan 3 esse artandygyny görkezýär.

Özbegistanyň Döwlet statistika komitetiniň 2020-nji ýyldaky maglumatlaryna görä, Türkmenistan Özbegistanyň harytlarynyň we hyzmatlarynyň eksportynyň mukdary we ösüş depgini boýunça ilkinji onluga girdi. Türkmenistan goňşy döwletden oba hojalyk tehnikalaryny, ter we gaýtadan işlenen miweleri we gök önümleri, mineral dökünleri, gurluşyk materiallaryny we himiýa önümlerini import edýär.

Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklarynyň ösmeginiň oňyn depginini belläp geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň