Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmen-Tranzit" talyplara we ykdysatçylara ýardam berjek elektron sözlük döretdi

13:4716.02.2021
0
67525

“Türkmen-Tranzit” kompaniýasynyň programma döredijileri, türkmen dilinde ykdysady adalgalaryň elektron görnüşindäki düşündiriş sözlügini ýagny, “Ykdysady sözlük” atly täze programmany döretdiler.

 Sözlükde dört ýüz töweregi maliýe we ykdysady termin bar, olaryň her biriniň, türkmen dilindäki manysynyň jikme-jik beýany berilýär. Gerekli termini gözlemek üçin ýörite setir arkaly şeýle-de ýönekeý elipbiý bilen amala aşyrylýar. 

"Halanýanlar" sahypasyndaky belliklere islenilýän sözi goşmak şeýle hem, görmekde kynçylyk çekýänler üçin ýazgylaryň şriftini ulaltmak mümkinçilikleri bar.

Bu programma talyplara we başlangyç derejedäki ykdysatçylar we buhgalterler, şeýle hem ykdysady sowatlylygyny ýokarlandyrmak isleýänler üçin peýdaly bolup biler.

 "Ykdysady sözlük" programmasy tölegsiz bolup, ony Google Play-den ýükläp alyp bilersiňiz. Programmany internet bolmazdan hem ulanyp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň