Aşgabatda 12 ― 17-nji fewral aralygynda lybas dizaýnerleriniň arasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan «Altyn iňňe» bäsleşigi geçirilýär.
Bäsleşige hususy moda öýleri, hususy dizaýnerler, tikinçiler, toý salonlary we beýlekiler gatnaşýar.
Gatnaşyjylaryň bije çekilşigi 12-nji fewralda geçirildi. Şol gün 14 gatnaşyjy hasaba alyndy:
- Mähirli Zenan;
- Balarini;
- Victoria's Style;
- Omarowa;
- Şeyma;
- Nagyşly Güzer;
- Zynat;
- Şa Leýli;
- Altyn Keşde;
- Milli Lybaslary;
- Owadan Gelin;
- Dana Peri;
- Nurland;
- Asman.
Ygtyýarly emin 17-nji fewrala çenli ýeňijileri saýlar, şondan soň netijeler yglan edilýär
Bäsleşik 19 ugry öz içine alýar, şonuň üçin bäsleşige gatnaşýanlaryň arasynda çynlakaý göreş bolar.
Bäsleşigiň ugurlary:
- Iň oňat moda öýi;
- Iň oňat tikin studiýasy;
- Iň oňat dizaýner;
- Iň oňat tikinçi (geýim tikiji);
- Iň gowy toý milli ýygyndysy;
- Iň oňat mata dükany,
- Iň oňat şarf dükany;
- Iň gowy agşamlyk milli ýygyndysy;
- Iň gowy butik;
- Iň oňat milli esbaplar;
- Iň gowy kurte;
- Iň gowy çagalar ýygyndysy;
- Iň gowy milli erkekler ýygyndysy;
- Iň oňat onlaýn dükan;
- Iň gowy görkeziş;
- Ýylyň iň gowy üstünligi
- Iň oňat haly dükany;
- Iň gowy bahar ýygyndysy;
- Iň gowy köýnek kärendesi.
Ýeňijiler özboluşly baýraklary ― 70 santimetr uzynlykdaky tikin iňňesi görnüşindäki kuboklary alarlar. Hormat hatlary hem farfordan ýasalar.
«Turkmenportal» bu bäsleşik baradaky habarlary yzygiderli ýetirip durmagy meýilleşdirýär.