Kompaniýa berlen wezipeleriň sanynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly “Türkmen-Tranzit” işgärleriniň sanyny köpeltmegi dowam etdirýär.
“Türkmen-Tranzit” kompaniýasynyň Marydaky bölümi birnäçe tejribeli işgärleri zerur bolup durýar. Şol sebäpli hem - web dizaýneri, Android programma döredijisi, ulgam dolandyryjysy we 1C programmisti ýaly hünärmenleri işe çagyrylýar. Dalaşgärler üçin talaplar barada has giňişleýin maglumaty “Türkmen-Tranzit” kompaniýasynyň web sahypasynda tapyp bilersiňiz.
“Türkmen-Tranzit” 2010-njy ýyldan bäri kompaniýalar we hususy kärhanalar üçin web sahypalaryny döredýär, şeýle hem programma üpjünçiligini ornaşdyrýar we durmuşa geçirýär. Kompaniýanyň hünärmenleri, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň web sahypalaryny, Türkmenistanyň söwda we senagat edarasynyň, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky elektron resminama dolandyryş ulgamyny şeýle-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň üçin iş gözleg programmasyny döretdiler.