Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda FAO-nyň maksatnamasy boýunça möhüm meselelere seredildi

10:3913.02.2021
0
7590

Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi  Milli institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy Guramasynyň (FAO) «Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň gurak we şor ýerlerinde tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak» atly sebitleýin taslamasyna gatnaşyjylaryň iş toparynyň ýygnagy geçirildi. Bu barada Döwlet neşirýat gullugynyň resmi web saýty habar berdi.

Taslama Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň utgaşdyrylmagy bilen durmuşa geçirilýär. Taslamanyň maksady, ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny dikeltmekden we ýurduň iki dürli agroekologiki sebitinde ― daglarda, çölde we derýa ýakalarynda tebigy öri meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakdan ybarat. Suwarymly topraklary süýjetmegiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak, hasyllylygyny ýokarlandyrmak, köp sanly ösümlikleriň tohumlaryna gözegçilik edip, Garagum sährasynyň zaýalanan öri meýdanlaryny ozalky kaddyna getirmek meýilleşdirilýän işleriň esasylarydyr.

Möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna «Türkmengidrometeorologiýanyň» we Türkmenistanyň Mejlisiniň hünärmenleri wekilleri hem gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň