Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenportal» boş iş orunlaryny hödürleýär

14:5312.02.2021
0
19752

«Türkmenportal» onlaýn maglumat çeşmesi öz işleriniň gerimini giňeldýänligi sebäpli, öz toparyna aşakdaky ugurlar boýunça hünärmenleriň işe çagyrylýandygyny habar berýär:

  • Satyş boýunça menejer;
  • Taslama boýunça menejer;
  • Programmaçy;
  • Kontent menejer;
  • Žurnalist;
  • Grafika dizaýneri;
  • Ýolbaşçynyň kömekçisi.

Boş iş orunlarynyň her biri barada maglumat almak üçin şu salga girip görüň!

Eger siziň ukyplaryňyz bildirilýän talaplara laýyk gelýän bolsa, anketalaryňyzy şu salga ýollaň: vacancy@turkmenportal.com

Hatyň mowzuk ýazylýan böleginde ýüz tutýanyň ýaşaýan ýerini görkezmelidir.

«Türkmenportal» anketalarda ýüz tutýanyň başarnyklary barada mümkin boldugyndan doly maglumat berilmegini soraýar.

Dalaşgärler saýlanylanda goşmaça artykmaçlyklar (dalaşgäriň ukyplary) göz öňünde tutular.

Saýlanan dalaşgärler başarnyklary barlanyljak bäsleşige çagyrylar. Munuň üçin her kime dessine ýa-da belli bir wagtdan soňra ýumuş tabşyrylyp görler.

Ilkinji synaglaryň netijesinde iň gowy netije görkezen dalaşgär deslapky söhbetdeşlige çagyrylar. Şondan soň oňa iş beriji tarapyndan bir aý mugt, bir aý hem tölegli synag möhleti berler.

Zähmet şertnamasy synag möhleti üstünlikli tamamlanansoň baglaşylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň