Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmen-Tranzit" ykjam enjamlaryň ekranynda wirtual sergini görmäge mümkinçilik berýär

18:5710.02.2021
0
61303
"Türkmen-Tranzit" ykjam enjamlaryň ekranynda wirtual sergini görmäge mümkinçilik berýär

“Wirtual Sergi"-lere, ykjam ýa-da akyly enjamlar bilen myhman ýa-da gatnaşyjy bolmak üçin - “Türkmen-Tranzit” kompaniýasy şol bir at bilen ýörite ykjam programmany işe girizdi.

Wirtual sergiler üçin web sahypasy geçen ýylyň ahyrynda "Türkmen-Tranzit" kompaniýasy tarapyndan döredildi. Wirtual serginiň 3D görnüşde bolmagy, serginiň toplum zallarynda hakyky gatnaşygyň täsirini döredýär, şeýle hem tegelek stolda işewürlik gepleşiklerine we öz wirtual pawilionlaryňyzy kärendesine almaga ähli  mümkinçilikler bar. Türkmenistandaky we dünýäniň çar künjeginden gelen telekeçiler şeýle sergide harytlaryny we hyzmatlaryny görkezmäge mümkinçilik alýarlar.

Wirtual sergiler üçin platforma, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesi bilen bilelikde döredildi. Programmany häzirki wagtda “Play Market”-den göçürip alyp bolýar.

GDA ýurtlarynyň we daşary ýurtly işewür wekiller wirtual sergi meýdançasyna uly gyzyklanma bildirdiler, "Wirtual Sergi" -sine gatnaşmak üçin eýýäm birnäçe arzany tabşyrdylar.

Wirtual sergä gatnaşmak isleýän her bir telekeçi ýa-da kompaniýa +99361828377 telefon belgisine ýüz tutup biler.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň