Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Döwlet muzeýi "Ülkämiziň guşlary" atly bäsleşik geçirer

16:3509.02.2021
0
5312

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2021-nji ýylyň 1-nji aprelinde Guşlaryň halkara güni mynasybetli “Ülkämiziň guşlary” atly serginiň açylyş dabarasy geçirilýär. Bu barada muzeýiň resmi sahypasynda habar berildi.

Şol serginiň öňüsyrasy muzeýde guşlara degişli soraglaryň esasynda bäsleşigiň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Bäsleşik muzeýiň Baş binasynda 2021-nji ýylyň 17, 18, 19, 22, 24, 25, 26-njy fewralynda geçirilýär.

Isleg bildirýänleriň hemmesi (okuwçylary, ýaşlary, uly adamlary we ýaşululary) bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar.

Bäsleşigiň ýeňijileri 2021-nji ýylyň 1-nji aprelinde sagat 15-00-da geçiriljek “Ülkämiziň guşlary” atly serginiň açylyş dabarasynda ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanar.

Bäsleşikler bellenen senelerde sagat 14-00 geçirilýär.

Jogapkär: Tebigat we ülkäni öwreniş bölümi.

Telefon: 48-25-92, 864079356.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň