Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti bilim toplumynyň öňünde möhüm wezipeleri goýdy

23:2808.02.2021
0
6797

8-nji fewralda geçiren iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamynda okatmagyň innowasion usullaryny, häzirki zaman bilim maksatnamalaryny we okuw gollanmalaryny peýdalanmagyň aýratyn wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany öňdebaryjy tejribeleri öwrenmegiň we özleşdirmegiň, daşary ýurtlaryň abraýly ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy. Bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirip, milletiň Lideri bilim edaralarynyň işini döwrüň talabyna kybap derejede kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti ösüp barýan ýaş nesli okatmak hem-de terbiýelemek bilen bir hatarda, mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň arasyndan has zehinlilerini ýüze çykarmak meselelerine jogapkärli çemeleşilmelidigini belledi. Ýaşlaryň gyzyklanmalaryna we höwes edýän ugruna laýyklykda, olaryň saýlap alan hünäri boýunça ukyplaryny ösdürmek möhüm bolup durýar. Şeýle edilende, öz işine hemmetaraplaýyn düşünýän ýaş hünärmenler ýetişer diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleri çaltlandyrmagyň, bu ugurda işleri has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň bilim ministri O.Gurbanowa we ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahatynda hasabat berlişi ýaly, milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ol elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini öz içine alýar.

Döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda, geçen ýyl Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi döredildi. “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy” hem-de “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” tassyklanyldy.

On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, bilim hem-de terbiýeçilik işlerine okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bilim edaralarynyň resmi web-saýtlaryny we elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň