Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaý ýanwar aýynda Merkezi Aziýadan 3,87 milliard kub metr gaz satyn aldy

20:4508.02.2021
0
12582

«Sinhua» habarlar gullugy Hytaýyň «PipeChina West Pipeline» nebitgaz kompaniýasyna salgylanyp, 2021-nji ýylyň ýanwarynda Merkezi Aziýa ― Hytaý gaz geçirijisi arkaly Hytaýa 3,87 milliard kub metrden gowrak tebigy gazyň akdyrylanlygyny habar berdi.

Kompaniýanyň habaryna görä, geçen aýda gaz geçirijisiniň gündelik iň ýokary gaz üpjünçiligi 153 million kub metr boldy.

Merkezi Aziýa ― Hytaý gaz geçirijisi gözbaşyny Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhedinden alýar. Ol Özbegistanyň we Gazagystanyň çäginden geçip, ýär we Horgos/Sinszýan Uýgur awtonom sebitiniň üsti bilen Gazagystan ― Hytaý serhedine barýar. Bu geçiriji Hytaýdaky ilkinji serhetaşa gaz akymydyr.

Bu turbageçirijiniň umumy uzynlygy 1833 kilometre barabardyr. Meýilleşdirilen gaz üpjünçiligi kuwwaty ýylda 60 milliard kub metr «mawy ýangyja» deň. Gazgeçiriji 2009-njy ýylyň dekabrynda işe girizileli bäri, 11 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda durnukly we howpsuz işleýär.

Kompaniýanyň habaryna görä, bu turbageçiriji Hytaýyň ýyllyk tebigy gaz importunyň 15 göteriminden gowragyny üpjün edýär. Bu akym bilen Hytaýyň 27 welaýatynda 500 million adam tebigy gaz bilen üpjün edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň