Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işi tapgyrlaýyn esasda hojalyk hasaplaşygyna geçýär

23:3307.02.2021
0
19075

7-nji fewralda geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygyna komitetiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy barada aýdyp, onuň tapgyrlaýyn esasda hojalyk hasaplaşygyna geçmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem milletiň Lideri Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan ýokary hilli gepleşikleri yzygiderli ýaýlyma bermegi tabşyrdy. Guramaçylyk işlerini güýçlendirmek maksady bilen, ussat alypbaryjylary bu işe çekmek, halypa-şägirtlik ýörelgelerini yzygiderli dowam etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazananlaryny we durmuşa geçirilen özgertmeleri dünýä giňden ýaýmak, şol sanda tanyşdyryş wideoroliklerini, çeper, telewizion we dokumental filmleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreleri möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şeýle hem teleradioýaýlymlar boýunça berilýän gepleşikleriň hiliniň ýokary bolmagyny gazanmak üçin hünärine ökde işgärleri taýýarlamak we olar üçin ýörite okuwlary guramak işlerine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow teleradioýaýlymlarda türkmen diliniň edebi kadalarynyň we sözleýiş medeniýetiniň berk berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmegi, şeýle hem ýaýlyma berilýän gepleşiklere gözegçilik edýän redaktorlaryň jogapkärçiligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigine döwrebap çeper we dokumental filmleri köpräk çykarmak babatda görkezme berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň